Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti
Medeniýet
Çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti
Çap edildi 05.09.2020
5321

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy. Ýurdumyzyň ýaş ýerine ýetirijileriniň arasynda her ýyl geçirilýän aýdym-sazly bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, köp ýyllaryň dowamynda geçirilýän zehinli çagalaryň bäsleşigine Watanymyzyň dürli künjeklerinden köp sanly çagalar gatnaşýar. Olaryň hatarynda umumybilim berýän, sazçylyk mekdepleriniň, şeýle hem döredijilik merkezleriniň okuwçylary bar. Bäsleşigiň baş maksady zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň döredijiligine goldaw bermekden, watansöýüji ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden we halkymyzyň milli däp-dessurlaryna bolan söýgini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň saýlama tapgyrlarynda seçilip alnan zehinli çagalar paýtagtymyza geldiler. Bäsleşige gatnaşmak üçin Watanymyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň müňlerçesi deslapky tapgyrlara gatnaşdylar. Jemleýji bäsleşige gatnaşmaga çagalaryň 15-si hukuk gazandy. Ir bilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine gatnaşyjylar Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň nyşany — Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Bäsleşigiň jemleýji konserti paýtagtymyzyň merkezi konsert sahnasy bolan Mukamlar köşgünde geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry mynasybetli, Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýörite sergi guraldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserleri görkezildi. Şeýle hem sergide ýaş zehinleriň döreden eserlerine möhüm orun berlipdir. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar we zehinli çagalarynyň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup, Watanymyzyň we halkymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende göterjekdiklerine ynam bildirdi. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ähli babatda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, eziz Watanymyzy jandan söýýän sagdyn nesillere baglydyr” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşigi aýratyn mana eýe boldy. Ýurdumyz körpe nesilleriň abadan durmuşy ugrunda has amatly şertleri döretmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Dünýäniň 190 ýurdy bilen bilelikde Türkmenistan çaganyň hukuklary baradaky Konfensiýany tassyklap, çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we olaryň bähbitlerini goramak boýunça borçnamany üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Öz işini gönüden-göni çagalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlan iri halkara gurama bolan ÝUNISEF Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Çagalar forumlaryny guramak Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasy ugrudyr. Milletara gatnaşyklarda çagalaryň tejribe toplamagy, döredijilik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň erkinligi, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi, dostluk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletimiziň parahatçylyk döredijilikli işiniň esasy ugry bolup durýar. Çagalar parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Munuň özi diňe bir manyly jümle bolman, eýsem ol anyk durmuş ýörelgesine öwrüldi. Şunlukda, çagalaryň köpöwüşginli durmuşyna, olaryň bagtyýarlygyna möhüm ähmiýet berilýär. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan edebi-sazly waspnamada ýurdumyzyň asylly ýörelgeleri beýan edildi. Ol konsertiň açylyşy boldy. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen zehinli çagalar türkmen we daşary ýurt dillerinde ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly çykyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylykly ýörelgeleri, döwletimiziň körpe nesiller baradaky aladasy, mähriban topragymyzyň gözelligi hakynda gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Bu çykyş ajaýyp sahnada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazlara badalga boldy. Zehinli çagalaryň sahnada ýerine ýetirýän aýdym-sazlary özboluşly şekiller bilen utgaşdy. Çagalygyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülen jemleýji bäsleşikde bu günki dabaranyň myhmanlaryna hem nobat berildi. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Bulardan başga-da, konsertiň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň gutlag çykyşlary, şeýle hem her ýylda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisiniň we “Ruhubelent çagalar” tans toparynyň çykyşlary bäsleşige gatnaşýanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Zehinli çagalar joşgunly çykyşlary bilen mähriban Watanymyza, zehiniňi açyp görkezmek, arzuwyňy amala aşyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döreden türkmen halkynyň Arkadagy — hormatly Prezidentimize çäksiz söýgüsini we hoşallyklaryny beýan etdiler. Çagalar mähriban Watanymyzda dostlugyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň dabaralanýandygynyň waspyny ýetirdiler. Olaryň bu çykyşy umumadamzat gymmatlyklarynyň bähbidine oňyn gatnaşyklary saklamak babatda dünýä halklaryna özboluşly çagyryş boldy. Ýaş zehinleriň özboluşly çykyşlary, olaryň joşguny tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar şowhunly el çarpyşmalary bilen ýaşajyk artistleriň sagbolsunlaryny ýetirdiler. Eminler toparyna iň ökdeleri seçip almak ýeňil düşmedi. Çykyşlaryň jemleri boýunça, bäsleşikde ýeňiji bolan alty çaganyň ady yglan edildi. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji bäsleşige gatnaşan ýaş zehinleriň hemmesine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Ýaş zehinleriň jemleýji konsertinde “Arkadagly Watanyň bagtyýar balasy” atly aýdym bu günki konsertiň jemini jemledi. Ony bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesi bilelikde ýerine ýetirdiler. “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konsertine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesinde ýaş nesiller, olaryň bagtyýar durmuşy babatda zerur şertleri döretmek ugrunda ýadawsyz tagalla edýändigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem körpe nesiller milli Liderimiziň wesýetine eýerip, gowy okap, döredijilik bilen meşgullanyp, mähriban Watanymyzy yzygiderli wasp etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow