Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy
Çap edildi 06.09.2020
1182

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr. Pursatdan peýdalanyp, Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bardyr. Size döwlet işiňizde geljekde hem uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Rustam MINNIHANOW, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow