Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
Jemgyýet
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
Çap edildi 11.05.2026
1181

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýan bäsleşik “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny iş ýüzünde amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda parahatçylyk we bitaraplyk ýörelgelerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine aýratyn üns berilýär.

...Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar.

Soňra “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilýän bäsleşige 9 ýurduň — Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 40-dan gowrak gatnaşyjy bellige alyndy. Şeýle hem oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden seçilip alnan zehinli ýaşlaryň 117-si gatnaşýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen möhüm Kararnamalaryň kabul edilip, halkara derejede köp sanly çäreleriň yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek. Şeýle-de parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, bu ugurda ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Abraýly halkara bäsleşige gatnaşyjylar häzirki döwürde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalara möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Şunda halkara gatnaşyklarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny netijeli ulanmak, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy parahatçylygy üpjün etmek meseleleri wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, syýasy, ykdysady, energetika, azyk hem-de ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan syýasaty amala aşyryp, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine goşant goşýar.

***

“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Munuň özi onuň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär. Döwlet muzeýiniň işgärleri myhmanlara bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar, olaryň taryhy we halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gürrüň berdiler. Şeýle hem muzeýde ýurdumyzyň häzirki ýeten derejesine degişli gymmatlyklara orun berlipdir.

Gatnaşyjylar bu bäsleşigiň medeni maksatnamasynyň gyzykly we netijeli gezelençleri öz içine alandygy üçin guramaçylara hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
top-arrow