Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milletiň ruhy dünýäsi — Watanymyzyň bakylyk binýady
Jemgyýet
Milletiň ruhy dünýäsi — Watanymyzyň bakylyk binýady
Çap edildi 05.09.2020
1787

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, döwlet Baştutanymyzyň täze eseri onda esasy orun aldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolan beýleki kitaplary, ylmy işleri, köp jiltli düýpli eserleri we Türkmenistan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlary barada gürrüň berýän beýleki neşirler görkezildi. Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň çeper nusgalary sergi diwarlyklarynyň üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, belli aýdymçy-sazandalaryň ruhubelent çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, onuň örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyşlarda täze kitabyň aýratyn möhüm ähmiýeti bellenildi. Türkmenleriň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ajaýyp edebi-filosofik eseri umumydünýä medeni hazynasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat eder. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly pähimleriniň dürdänelerini özünde jemleýän nobatdaky eseriň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Arkadag Prezidentimiziň galamynyň astyndan çykmagy häzirki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, many-mazmuny babatynda bahasyna ýetip bolmajak “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň we ylmy-çeperçilik işiniň juda ähmiýetlidigini ýene bir gezek tassyklaýar. Milli Liderimiz eziz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri we maglumatlary içgin öwrendi, täze eserinde olary ulgamlaşdyrdy hem-de umumylaşdyrdy. Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Tebigat bilen ynsan arasyndaky gatnaşyklar baradaky düşünjäniň dürli wakalaryň, halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň mysalynda beýan edilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek, olar şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesini özünde jemleýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda nakyllaryň we matallaryň, paýhasly pähimleriň çeperçilik bilen beýan edilmegi döwlet Baştutanymyzyň edebi eseriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny hemişe belleýär. Şeýlelikde, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan umumadamzat gymmatlyklary türkmenleriň dessurlarynda hem aýdyň duýulýar, olara asyllylyk, terbiýelilik, myhmansöýerlik, agzybirlik we jebislik mahsusdyr. Däp-dessurlary öwrenmek hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerine eýermek ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz öz kitabynda geçen nesilleriň toplan tejribesini aýawly gorap saklamagyň hem-de täze nesillere ýetirmegiň biziň her birimiziň borjumyz bolup durýandygyny aýratyn belleýär. Şunda milli Liderimiz halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda toplan gymmatly tejribesini oýlanyşykly peýdalanmagyň aýratyn möhümdigini belleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň wesýet eden beýik taglymlary häzirki we geljekki nesiller üçin nusga bolmalydyr, çeper döredijilikde hem, durmuşda hem öz beýanyny tapmalydyr. Dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe eýerýän türkmen halkynyň köpasyrlyk ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar döwletimiz häzirki wagtda özüniň ählumumy abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen “Açyk gapylar” daşary syýasatyny alyp barýar. Milli Liderimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem gönükdirilendir. 2020-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Bu baýramçylyk Oguz han zamanyndan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk söýüji, dostluk taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup taryha ýazylýar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden şahyrlar, sungat işgärleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň ata-babalarynyň galdyran mirasyny gözüniň göreji ýaly goraýan türkmenleriň dowamatlylygynyň saklanyp galmagyna hem-de ruhy gymmatlyklarynyň geljekde hem giňden wagyz edilmegine ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler. Ýokary çaphana derejesinde neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Halk pähimlerini özünde jemleýän hem-de çeper beýan edýän täze kitabyň jemgyýetçilige ýetirilmegi ýaşlar üçin uly aň-bilim hem-de terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolar. Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy, oňa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, serkerdeleriň, esgerleriň we harby talyplaryň, şeýle hem hormatly myhmanlaryň we beýlekileriň gatnaşmagynda milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly edebi-filosofik kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaralaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize hoşallygyň nyşany hökmünde Ýüzlenme kabul etdiler. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň çuňňur öwrenilmegine, olaryň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza eden döredijilik sowgady üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow