Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan—BMG: ýakyn gatnaşyklar we umumy maksatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistan—BMG: ýakyn gatnaşyklar we umumy maksatlar
Çap edildi 04.09.2020
934

Şu gün Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Wideomaslahata Mejlisiň, DIM-iň, saglygy goraýyş, maliýe, ilaty hukuk we durmuş taýdan goramak, bilim, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak boýunça ulgamlaryň, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň, ulag edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Birleşen Milletler Guramasyna onuň ýurdumyzda işleýän dürli agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri wekilçilik etdiler. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), BMG-niň Ilat we ösüş gaznasynyň, Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilleri bar. Bu ýerde bolan pikir alyşmalara BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Merkezi Aziýada adam hukuklary boýunça Ýokary Komissaryň müdirliginiň hem-de Merkezi Aziýada Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissaryň müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň Sebit merkeziniň hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramanyň wekilleri, beýleki halkara hyzmatdaşlar goşuldylar. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa öz çykyşynda ara alnyp maslahatlaşylýan Milli meýilnamanyň halkara ölçeglere kybap gelýändigini hem-de ýokary derejede — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanandygyny belledi. BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Paulina Karwowska şu günki duşuşygyň diňe şol Meýilnamanyň amala aşyrylmagyny seljermäge däl-de, eýsem, ony geljekde üstünlikli amala aşyrmak üçin bar bolan serişdeleri bir ýere jemlemäge-de mümkinçilik berýändigini belledi. Ady agzalan Meýilnamanyň esasy ugurlary boýunça geçirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat bilen tanyşdyrmagyň barşynda 7-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen geçirilen wideoduşuşygynyň netijelerine hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmäge gönükdirilen başlangyçlaryna üns berildi. Şu günki duşuşykda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmek babatda ýakyn geljekde meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmäge BMG-niň agentlikleriniň hem-de hyzmatdaşlaryň berjek goldawyna seredildi. Şol çäreleriň hatarynda adatdan daşary ýagdaýlarda kommunikasiýalar boýunça žurnalistler üçin ikinji okuw maslahaty bar.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow