20.10 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň), Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB — MA — Owganystan görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
20.10 2020
Şu gün Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» (MASYH) maksatnamasynyň resmi adamlarynyň wirtual mejlisine gatnaşdylar. Gün tertibine 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, köptaraply hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky meseleler girizildi.
20.10 2020
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri şu gün Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
19.10 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
19.10 2020
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy.
19.10 2020
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.
18.10 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
18.10 2020
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
18.10 2020
Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
17.10 2020
Şu gün Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.
1474 sahypa
Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy