Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Senagat we gurlluşyk önümçiligi ministrtiniň Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşygy boldy
Syýasy habarlar
Senagat we gurlluşyk önümçiligi ministrtiniň Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşygy boldy
Çap edildi 17.10.2020
900

Şu gün Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy. Taraplar dostluk, ynanyşma we özara hormata esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykanlygy we täze many-mazmuna eýe bolandygy bellenildi. Şu jähtden ýokary derejedäki we köpugurly hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn binýadynda kemala gelen türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň wajyplygy nygtaldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatyny, onuň Bitarap döwlet derejesini goldaýandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşygy bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyryldy. Şunuň bilen baglylykda parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentarileriniň duşuşyklarynyň netijelidigi nygtaldy. Halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ösüşine we innowasion kärhanalary döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşandy bellenildi. Taraplar bilelikdäki täze taslamalaryň üstünlikli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz we nebithimiýasy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, oba hojalygy, himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar agzaldy. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Ilçi Takahiko Kasumata türkmen-ýapon gatnaşyklaryna üns berilýändigi, şol sanda daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum şertleriniň dörediliýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow