Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymy tassyklaýaryn. Kais SAID, Tunis Respublikasynyň Prezidenti.