Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Çap edildi 18.10.2020
922

Hormatly senagat işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ösýän döwründe ýurdumyzyň köpugurly milli senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde, öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmakda hem-de hilini ýokarlandyrmakda senagat işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde Senagat işgärleriniň güni giňden bellenip geçilýär. Bu bolsa pudagyň işgärlerine goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Ýakynda türkmen halkynyň umumymilli baýramy bolan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk şanly toýuny baýram etdik. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ähli ugurlarda örän uly işler amala aşyryldy. Döwletimiziň syýasy, ykdysady hem-de ruhy esaslary döredildi. Mähriban Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwlete öwrüldi. Ahli türkmen halky bilen bilelikde, ýurdumyzyň senagat işgärleri hem döwletimizde amala aşyrymýan düýpli özgertmelere we gazanylýan ägirt uly üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler. Häzirki wagtda diwersifikasiýa arkaly ösüş ýoluna düşen berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze-täze döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ulgama ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýyiyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi. Bu ministrlik ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur serişdeler bilen üpjün edýär. Mundan beýläk gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň möçberi has-da artdyrylar. Bulardan başga-da, biz «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakyndaky» karara gol çekdik. Kararda bellenilen möhlete laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda senagat desgalarynyň ondan gowragy gurlup, işe giriziler. Himiýa senagaty pudagy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biri hasaplanýar. Bu pudak mineral dökünleri, natriý sulfatyny, ýody, bromy we brom önümlerini, tehniki uglerody we beýleki himiýa önümlerini öndürýän pudakdyr. Mineral dökünleri öndürmegiň giň gerimde alnyp barylmagy we olaryň görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mineral dökünlere bolan islegini öz güýjümiz bilen doly kanagatlandyrmaga şert döretdi hem-de bu dökünleriň daşary ýurtlara eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Berkarar döwletimizde himiýa senagatynyň döwrebap tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly täze kärhanalary gurlup, ulanyşa girizilýär. Geljekde bu möhüm işi dowam etdirmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylar. Bu bolsa, diňe bir himiýa senagatynyň däl, eýsem tutuş senagat pudagynyň ösdürilmegine uly itergi berer, onuň hil taýdan ösüşini üpjün eder hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Netijede hödürlenýän harytlaryň sanawyny giňeltmäge hem-de olary daşarky bazarlara çykarmaga mümkinçilik dörär. Hormatly senagat pudagynyň işgärleri! Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Senagat işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny hem-de ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmekde alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow