Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň wekilleri MASYH meýdançasynda onlaýn-duşuşyga gatnaşdylar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň wekilleri MASYH meýdançasynda onlaýn-duşuşyga gatnaşdylar
Çap edildi 20.10.2020
4422

Şu gün Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» (MASYH) maksatnamasynyň resmi adamlarynyň wirtual mejlisine gatnaşdylar. Gün tertibine 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, köptaraply hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky meseleler girizildi. Abraýly halkara guramalar, şol sanda maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasy ýörelgäniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasydyr hem-de geçen döwrüň içinde, şol sanda MASYH-nyň çäklerinde energetika, ulag ulgamlary, söwda işlerine ýardam bermek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikde üstünlikli işlemegiň tejribesi toplanyldy. Türkmenistanyň 2018-nji ýylda MASYH maksatnamasynda ilkinji gezek başlyklyk edendigini bellemek möhümdir. Ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygynyň gürrüňsiz subutnamasydyr. Geçirilen onlaýn duşuşyga gaýdyp gelip, saglygy goraýyş ulgamy we 2030-njy ýyla çenli syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslama çenli bolan barlaglaryň ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler bolandygyny nygtamak gerek. 2030-njy ýyla çenli Gender strategiýasynyň taslamasy hem mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna çykaryldy. Işleri Aziýada ykdysadyýetiň ösüşini höweslendirmäge gönükdirilen Aziýanyň ösüş banky meýdança hökmünde MASYH-ny peýdalanyp, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge örän işjeň gatnaşýar. Bank düýpli maýa goýumlar arkaly gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy goldaýar. Bellenilişi ýaly, bu maksatnamanyň çäklerinde ileri tutulýan ulgamlarda strategiýalaryň amala aşyrylmagy netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýumlary çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion taýdan ösüşiniň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin sebitleýin gatnaşyklary ilerletmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow