24.12
2020
Şu gün Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparyň ilkinji mejlisidir.
24.12
2020
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.12
2020
Şu gun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
23.12
2020
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
23.12
2020
Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fransuz dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
22.12
2020
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnalyň 4-nji sany çapdan çykdy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we döwletimiziň milli bähbitlerine ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm wakalaryna çärýeklik syn berilýär.
22.12
2020
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň (JWIС) baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
22.12
2020
Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
22.12
2020
“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky degişli şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.
21.12
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar ulgamyny hem-de elektron senagatyny ösdürmäge itergi berdi.