Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 22.12.2020
1100

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň (JWIС) baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar. Gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam edýän iki ýurduň Baştutanlarynyň işjeň gepleşikleri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy bellenildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodyň ulanylmaga .berilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy. Şeýle hem ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi. Mundan başga-da, taraplar durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bir hatarda, gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garadylar. Hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy baradaky meselä geçip, taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Tokioda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky infrastruktura ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň ähmiýetini bellediler. Hyzmatdaşlygyň geljekki tapgyrlary barada işjeň pikir alşyldy. Ýapon tarapynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda maýa goýum hereketlerini amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow