Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 22.12.2020
1349

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky degişli şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kerwen Bäşimyradowiç Aýdogdyýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Tejendurdyýewiç Adyýew Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow