Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň diplomatiýasy parahatçylygyň we ählumumy bähbitleriň gullugynda
Jemgyýet
Türkmenistanyň diplomatiýasy parahatçylygyň we ählumumy bähbitleriň gullugynda
Çap edildi 22.12.2020
3775

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnalyň 4-nji sany çapdan çykdy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we döwletimiziň milli bähbitlerine ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm wakalaryna çärýeklik syn berilýär. Daşary işler ministrliginiň jemgyýetçilik-syýasy neşirinde milli Liderimiziň degişli çykyşlary, şeýle hem döwlet işgärleriniň, ýurtlaryň Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we olaryň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylarynyň, belli daşary ýurt diplomatlarynyň, abraýly bilermenleriň we beýleki esasy hünärmenleriň çykyşlarynyň üsti bilen Türkmenistanda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär. Neşiriň täze sany hormatly Prezidentimiziň 30-njy oktýabrda Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesi bilen açylýar. Onda döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän oňyn sebitleýin hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde öňdebaryjy ornuny tassyklady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Aziýadan Ýewropa uzaýan strategiki ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, öz mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny ösüşiň umumy bähbitlerine gönükdirmäge, hyzmatdaşlygyň netijeli ykdysady, söwda, maliýe goýum ulgamlarynyň döredilmegine goşant goşmaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem koreýaly işewürleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ylmy esaslanýan pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy. Žurnalyň bu sany “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligi” diýen bölümi bilen dowam etdirilýär, onda milli Liderimiziň oktýabr-noýabr aýlarynda ýokary wezipeli kärdeşleri — Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň Prezidentleri, Malaýziýanyň Premýer-ministri hem-de Katar Döwletiniň Emiri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň gysgaça mazmuny beýan edilýär. “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň 4-nji sanynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi baradaky makalalara aýratyn orun berilýär, Watanymyz şu ýyl bu şanly senäni dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden belläp geçdi. Bu bölümde görnükli syýasy işgärleriň şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen gutlaglary, şeýle hem makalalary we çykyşlary ýerleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, RF-iň daşary işler ministri Sergeý Lawrow häzirki zaman halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň eýeleýän orny, ähmiýeti we gymmatlyklary barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler, Şunda DIM-niň ýolbaşçysy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň iş tejribesine ünsi çekdi. Gruziýanyň daşary işler ministri Dawid Zalkaliani, halkara guramalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem öz pikirlerini aýtdylar. Beýleki makalalarda okyjylara Türkmenistanyň diplomatiýasynyň esasy ugurlaryna hem-de onuň gazanan üstünliklerine bilermenlik nukdaýnazaryndan garamak, Bitaraplyk syýasatynyň esasy gazananlaryny hem-de ösüşiň açylýan täze mümkinçiliklerini seljermek teklip edilýär. “Türkmenistanyň diplomatik durmuşynyň wakalary” atly uly göwrümli bölümde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça alyp barýan işleri beýan edilýär. Şu ýyl pandemiýa zerarly dünýäde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, wideogörnüşde geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler diplomatik durmuşyň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Emma uzak aralykdan guralýan gatnaşyklar diplomatik işjeňligi peseltmedi, has-da daşary söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek üçin häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden peýdalanmaga höweslendirdi. Türkmenistan dünýä syýasatynyň halkara gatnaşyklarda ählumumy we strategik häsiýetli wezipeleri çözmek işlerine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Şonuň üçin hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly diňe bir ugurdaş hünärmenlere däl-de, ozaly bilen, giň okyjylar köpçüligine, halkara bilermenler bileleşigine, şeýle hem dünýä giňişliginde ýurdumyz bilen gyzyklanýanlaryň ählisine niýetlenendir.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow