Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Syýasy habarlar
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Çap edildi 23.12.2020
1037

Şu gün Mejlisiň başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy. BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German duşuşygy açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar. Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda intellektual ulgam, ylmy taýdan esaslandyrylan jemgyýetçilik-syýasy barlaglary goldamak, gender deňligi meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, dürli ulgamlarda zenanlaryň oňyn başlangyçlaryny höweslendirmek bar. Onlaýn duşuşygyň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini” iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl parahatçylygy üpjün etmekde we goldamakda zenanlaryň eýeleýän möhüm orny ilkinji gezek berkidilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamasynyň kabul edilen gününe 20 ýyl hem-de “BMG-zenanlar” düzüminiň döredilen gününe 10 ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň zenanlara raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemme gerimini kepillendirýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň işine zenanlaryň işjeň gatnaşmagyna hem-de bilim derejesiniň we hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler görülýär. Geljek ýyl Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllara niýetlenen gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişer. Degişli Karara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynyň başynda gol çekdi. Bu resminama milli kanunçylygy kämilleşdirmek, gender ugurly saglygy goraýşy üpjün etmek, bilime deň elýeterlilige ýardam bermek, gender taýdan zor salynmagyny öňünden duýdurmak we oňa täsir etmek, zenanlaryň hem-de gyzlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, syýasy hem-de durmuş meselelerini nazara almak bilen ähli derejede zenanlaryň gatnaşmagyny giňeltmek ugurlary özünde jemleýär. Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine ýokary baha berip, sebit we umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallaryň utgaşdyrylmagy babatda pikirlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow