21.05 2021

Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary gatnaşdylar.

20.05 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

20.05 2021

Şu gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty şanly senä — türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçirilen baýramçylyk forumyna dünýäniň dürli döwletleriniň — goňşy hem-de beýleki sebitleriň paýtagtlarynyň we şäherleriniň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

20.05 2021

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

20.05 2021

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

19.05 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

19.05 2021

Şu gün Medeniýet ministrliginde Aşgabady “Dizaýn” ugry babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça iş wideomaslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hem gatnaşdy.

19.05 2021

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

18.05 2021

Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

18.05 2021

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahat geçirildi.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY