Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat” döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Jemgyýet
“Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat” döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Çap edildi 20.05.2021
2115

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu döredijilik bäsleşigi şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi. Ak mermerli paýtagtymyz baradaky fotosuratlar, wideoşekiller hem-de makalalar tele we radioýaýlymlarda, internet saýtlarynda ýerleşdirildi, olary ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden çap etmek boýunça işler alnyp baryldy.

Giň jemgyýetçiligi, şol sanda daşary ýurtlulary Garaşsyzlygymyzyň ösüş ýolunda Watanymyzyň gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tanyşdyrmak “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda amala aşyrylýan we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, berkarar döwletimiziň yzygiderli ösmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleri wagyz etmek ähli döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belent maksady bolup durýar.

Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty köp babatda onuň abraýyny kesgitleýär. Ak mermerli Aşgabat berkarar döwletimiziň ykdysady-syýasy taýdan ösüşiniň depginini, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, ukyp-başarnyk mümkinçiligini aýdyň görkezýän şäherdir.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz ajaýyp Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, binagärlik keşbine buýsanýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Özboluşly binalar, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlary, göni şaýollar we köçeler, owadan seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary Aşgabadyň gözelligini artdyryp, ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şoňa görä-de, täsin binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan paýtagtymyzyň desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizildi.

Dabara çärä gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan başlandy. Şol çykyşlar döwrebap tehnologiýalar hem-de dünýäniň şähergurluşyk tejribesiniň nazara alynmagy babatda Aşgabadyň binagärliginiň möhüm ugurlaryna, ak şäherimiziň senagat, ulag we energetika düzüminiň geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerine bagyşlandy.

Çykyşlarda gurluşygyň täzeçil usullary, uly şäherde oňaýlylyk derejesini ýokarlandyrmak, durmuş ulgamyny ösdürmek, şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, söwda we hyzmatlar babatda hususy ulgamyň eýeleýän orny ýaly möhüm ugurlar beýan edildi.

Aşgabady ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasy, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň ugurlary, hyzmatdaşlygyň täze ýollary hem-de daşary ýurt maýadarlary, paýtagtymyzda ýaşaýan adamlaryň durmuşyny sazlaşdyrmak maksady bilen şäher serişdelerini netijeli peýdalanmak arkaly giňelýän mümkinçilikler ýaly möhüm meseleler üns merkezinde boldy.

Birnäçe çykyşlar Aşgabadyň taryhyna, häzirki döwürdäki ösüşine, binagärligine, şäheriň aýrylmaz bölegi we ekologiýa taýdan arassalygynyň möhüm görkezijisi hökmünde paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga beslenmegine bagyşlandy.

Soňra “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň maslahatlar zalynda aýdym-sazlar ýaňlanyp, dabaraly ýagdaý emele geldi.

Eminler bäsleşigiň ýeňijileriniň bäşisini kesgitledi. Aşgabadyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän iň oňat makalalar tapgyrynda Döwlet, hukuk we demokratik institutynyň ylmy işgäri A.Işbaýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň energetikleriň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň utgaşdyryjysy, geňeşiň başlygy J.Garajaýew, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň uly mugallymy A.Orazow ýeňiji boldular. Ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän iň oňat goşgular tapgyrynda Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň hünärmeni A.Rejebow ýeňiji boldy, häzirki zaman şäheri we onuň taryhyny beýan edýän iň oňat fotosuratlar hökmünde “Aşgabat” gazetiniň fotohabarçysy A.Müllikowyň işleri saýlanyp alyndy.

Ýeňijileriň nygtaýşy ýaly, olaryň işleri diňe bir belent hormat hem-de jogapkärçilik bolman, eýsem, sungatyň we döredijiligiň birleşdiriji güýjüniň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu bolsa täsin milli aýratynlyklar bilen bir hatarda umumadamzat häsiýetine eýedir.

Bäsleşigiň ýeňijileri ähli güýjüňi sarp edip, döredijilikli işlemäge hemme şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de öz güýçlerini, bilimlerini, tejribesini, ussatlygyny we ylhamlaryny mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow