Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 19.05.2021
2702

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar, şonuň ýaly-da Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy gatnaşdylar. Maslahata halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmenistanlylaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegi, milli kanunçylygyň umumy kabul edilen halkara namalara laýyklykda kämilleşdirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, “Döwlet adam üçindir!” şygarynda öz beýanyny tapan oňyn özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellediler.

Şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» ähmiýetine aýratyn üns berildi. Resminama 2016 — 2020-nji ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen şunuň ýaly meýilnamanyň dowamy bolup, ýurdumyzda adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň, goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, bu ulgamdaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Abraýly guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Hereketleriň milli meýilnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ugruň Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigi nygtaldy.

Şunda ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara borçnamalaryny hemmetaraplaýyn, gyşarnyksyz ýerine ýetirýän, BMG-niň Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda beýan edilen, adamyň, milletleriň, halkyýetleriň hukuklaryny üpjün etmäge, goramaga gönükdirilen esasy ýörelgelerini özünde jemleýän döwlet hökmünde ykrar edilendigi aýdyldy.

Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan esasy Konwensiýalara hem-de halkara hukuk resminamalaryna goşuldy. Şolaryň köpüsi döwrüň möhüm ynsanperwer meseleleri bilen baglanyşyklydyr.

Olaryň hatarynda Raýat hem-de syýasy hukuklar hakynda halkara resminama, Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky halkara resminama Ikinji fakultatiw teswirnama, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara resminama, jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini, zenanlar babatynda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek, çaganyň hukuklary hakyndaky, maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýalar, beýlekiler bar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, milli kanunçylyk hukuk binýadyny umumy kabul edilen ülňülere, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleri, gadymdan gelýän demokratik däpleri hem-de umumadamzat gymmatlyklary şolaryň özenini düzýär.

BMG-niň binýatlaýyn Konwensiýalaryny, beýleki köpugurly, umumy kabul edilen namalary berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ädimleri ädýär. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasyndaky öňe süren teklibi hem şaýatlyk edýär. Şonda ynsanperwerlik ulgamy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, bu resminamada Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebit edarasynyň mandatyny döretmek, şonuň ýaly-da, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanmagy geljegi uly wezipeleriň hatarynda nygtaldy. Hereketleriň milli meýilnamasynda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň milli institutyny ösdürmäge, onuň abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn orun degişlidir.

Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň dünýädäki işjeň ornuna, şonuň ýaly-da Hökümetiň adam hukuklaryny üpjün etmek ulgamyndaky tagallalaryna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyklary, şol sanda ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň wajypdygyny bellediler.

Forumda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan Hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, döwlet guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny durmuşa geçirmek we bu ugurdaky halkara namalaryň kadalaryny ornaşdyrmak, öňdebaryjy hukuk tejribesini peýdalanmak boýunça işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Ilatyň hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak, degişli maglumatlaryň ählisine elýeterliligini giňeltmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Bu bolsa adam hukuklaryna goldaw bermek boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, olary halkara ülňülere laýyklykda goramaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG hem-de onuň düzümleýin bölümleri, ÝHHG we beýlekiler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow