Baş sahypa
\
\
Daşary ýurt artistleriniň Aşgabadyň ýubileýine bagyşlanan aýdymlary
Daşary ýurt artistleriniň Aşgabadyň ýubileýine bagyşlanan aýdymlary
Çap edildi 21.05.2021
18631

Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary gatnaşdylar.

Bilelikde guralan bu ajaýyp aýdym-saz dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýe bolan açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ynsanperwer ugrunyň ähmiýetini beýan edýär.

Dünýäniň dürli ýurtlary bilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam edýär.

Şunuň bilen birlikde, giň halkara hyzmatdaşlyk döredijilik işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak hem-de dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen baýramçylyk konsertine paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň — Daşkendiň (Özbegistan), Duşenbäniň (Täjigistan), Nur-Sultanyň (Gazagystan), Bişkegiň (Gyrgyz Respublikasy), Ankaranyň (Türkiýe), Albukerkäniň (ABŞ), hyzmatdaş şäher bolan Ýerewanyň (Ermenistan) aýdymçylary gatnaşdylar. Olar aşgabatlylary gutlaýan ajaýyp hem-de tolgundyryjy wideorolikleri taýýarladylar.

Meşhur aýdymçylar milli lybaslarynda ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan täze aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirdiler. Aşgabat bilen dürli ýyllarda doganlaşan şäherleriň ajaýyp görnüşleri bu çykyşlara bezeg berdi.

Dabara gatnaşan sungat ussatlarynyň birnäçesi ozalky dürli medeni çäreleriň çäklerinde, şol sanda ýurdumyzda geçirilen dabaralarda türkmen aýdymçylary bilen bilelikde birnäçe gezek çykyş edipdiler. Özbegistandan “Farhod we Şirin” atly meşhur duet, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, gyrgyzystanly Nuraýym Azykbaýewa, “Kazahkonsert” döwlet konsert guramasynyň aýdymçysy Didar Abduhalyk hem-de doganlaşan şäherleriň beýleki meşhur aýdymçylary aşgabatlylara öňden hem tanyşdyr.

Ine, bu gün hem olar biziň ajaýyp baýramçylygymyza goşulyşyp, türkmen estrada ýyldyzlary bilen bilelikde, Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan täze aýdymy ýerine ýetirdiler.

Paýtagtymyzyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly monitorlarda dünýäniň dürli ýurtlarynyň artistleriniň çykyşlaryny hem-de Gündogaryň merjeni Aşgabadyň ajaýyp görnüşlerini şöhlelendiren baýramçylyk dabarasy ruhy agzybirlik duýgularyny döretdi.

Bu özboluşly konsertiň tomaşaçylary dowamly el çarpyşmalar bilen oňa ýokary baha berdiler. Maý aýynyň ajaýyp agşamynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de bagtyýarlygyň şäheri bolan paýtagtymyza bolan söýgi kalplary gurşap aldy.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow