Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyyň 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.
Sizi ýokary ruhubelentlik bilen giňden hem-de dabaraly bellenýän şanly sene –— Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň energetika we senagat ministri Kubanyçbek Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.
15-nji maýdа wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda bikanun gazanylan pullary kanunlaşdyrmak babatda töwekgelçiliklere mili baha bermek, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmaga garşy durmak (BGPK/TM/KGÝÝ) babatda ikinji hasabaty hem-de Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasy (TDHM) bilen tanyşdyrdy.