Ilki bilen, Onuň Alyhezreti Baş sekretara ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu duşuşykda garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup durýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Şu günler Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, olary täzeden döretmek we düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Zenan telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek hem-de zähmet çekmek üçin deň şertleri döretmek «Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi» atly halkara onlaýn forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu çäre şu gün Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.
Şu gün Harby akademiýanyň, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny sarpalamak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu çäre iň täze eýýamyň hem-de Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi.
Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär.