Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokary hünärli harby gullukçylar — Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ygtybarly daýanjy
Jemgyýet
Ýokary hünärli harby gullukçylar — Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ygtybarly daýanjy
Çap edildi 12.06.2021
2793

Şu gün Harby akademiýanyň, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny sarpalamak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu çäre iň täze eýýamyň hem-de Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi.

Dabaranyň öňüsyrasynda ömür ýollary türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň, hormat-derejäniň nusgasyna öwrülen ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine hem-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň pederlerimiziň gahrymançylygynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan ugrunda baş goýanlaryň edermenliginiň we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyralanýan künjegi bolan “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desseleri goýuldy.

Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy Türkmenistanda uly ruhubelentlikde, watansöýüjilik ruhunda geçirilýär. Bu çäre şanly wakalara we ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Şeýle dabaralar bilen mähriban Watanymyzy goramak, halkymyzyň parahat, bagtyýar we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmak ýaly mukaddes harby borjy ýerine ýetirmegi baş maksat edinen harby gullukçylaryň şöhratly ýoly başlanýar.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri we oňyn başlangyçlary bilen dünýä bileleşiginiň hormatyna mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.

Bu gezekki uçurymlaryň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän hem-de döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda harby gulluga başlaýandyklaryny aýratyn bellemek gerek.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine hem-de professor-mugallymlaryna iberen Gutlagynda aýdylýar. “Siz ata Watanymyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzdan ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzy berk goramalysyňyz. Ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmelisiňiz” diýip, milli Liderimiz bu günki dabara gatnaşyjylara ak ýol arzuw edýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra Harby akademiýanyň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlary we degişli döşe dakylýan nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu çäräniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Ýaş serkerdeler milli däplere eýerip, harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam etdiler hem-de şöhratly pederlerimiziň nusgalyk harby däplerini uly hormat bilen dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýasy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren watançylyk aýdymy medeni çäräniň jemini jemledi.

Ýaş serkerdeleriň hormatyna guralan şanly wakanyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen gabat gelendigini bellemek gerek. Milli goşunymyz üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamakda häzirki zaman ylmy ýörelgelerine möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiz Harby akademiýany we ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerini ýokary hünärli ýaş serkerdeleri taýýarlaýan esasy bilim ojaklary hökmünde kesgitleýär. Olaryň okuw maksatnamalaryna ýaş serkerdeleriň häzirki zaman derejesinde taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýän täze okuw sapaklary girizildi. Onda innowasion usullar, multimediýa enjamlary we sanly tehnologiýa işjeň ulanylýar. Ylmyň soňky gazananlarynyň hasabyna okatmagyň usulyny kämilleşdirmek bu ýerde bilim alýanlaryň ylma bolan höwesini has-da artdyrýar.

Ýaşlaryň harby-watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine hem-de halkymyzyň milli watançylyk däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaşlarda söweşjeň-ruhy häsiýetleriň ösdürilmegi, harby gullukçynyň hünäriniň abraýynyň artdyrylmagy, ýaşlarda ata Watanymyzyň ykbalyna bolan jogapkärçilik duýgularynyň ösdürilmegi we oňa wepaly gulluk etmäge bolan höwesiň artdyrylmagy harby okuwlaryň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby we döwlet gullugynda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň ynamyna mynasyp bolmak, harby borja wepalylyk aňrybaş hormat-sylag bolup durýar.

Ýurdumyzyň baý taryhy, gahryman pederlerimiziň edermenligi, öz ömrüni Watana gulluk etmäge bagyşlan adamlaryň ruhy güýji ýaş harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, halkymyzyň parahat durmuşynyň goragyna gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyzda harby güýçleri häzirki döwrüň talabyna we ýörelgelerine laýyk derejede özgertmek, Garaşsyzlygyň, çäk bitewüliginiň, ýurdumyzyň durnukly demokratik ösüşiniň ygtybarly binýady bolan milli goşunymyzy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.

Döwletimiz Ýaragly Güýçleriň söweşjeň pugtalandyrylmagy hem-de häzirki zaman harby tehnikalary bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň beden we aň-bilim taýdan taýýarlanylmagy, Watan goragçylarynyň ýokary derejeli gulluk etmegi hem-de durmuş üçin zerur şertleriň döredilmegi hakynda yzygiderli alada edýär. Şeýle maksat bilen Diýarymyzyň dürli künjeklerinde harby şäherçeler, serhet galalarynda harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, sagaldyş merkezleri, sport toplumlary we medeni ojaklar gurlup ulanylmaga berilýär.

Bu günki ýatda galyjy çärä gatnaşyjylaryň dabaraly harby ýörişi uçurymlaryň her biriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan pursatlaryň jemlenýändigini alamatlandyrdy. Olar Watan goragçysy diýen asylly hünäre eýe bolup, öz ykballaryny mähriban Diýarymyzyň durmuşy bilen bagladylar. Ýaş serkerdeler “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýen sözleri öwran-öwran gaýtaladylar.

Kasama wepaly, bilimli, ýokary hünärli, edermen we saýlap alan hünärine wepaly harby gullukçylar Milli goşunymyzyň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin hem biz olara ata Watanymyzyň goragyny ynanýarys.

Harby akademiýanyň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň uçurymlary, serkerdeleri, professor-mugallymlary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýaş serkerdeler harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hakynda ýadawsyz tagalla edýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watanymyza we mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, Türkmenistanyň howpsuzlygynyň, konstitusion gurluşynyň, döwlet çäkleriniň bitewüliginiň üpjün edilmegi, kanunçylygyň, hukuk tertibiniň berkidilmegi, Garaşsyz Diýarymyzyň mundan beýläk-de syýasy durnuklylygynyň saklanmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda alan bilimlerini, toplan tejribelerini gaýgyrman gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

* * *

Balkan welaýatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdagynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow