10.06 2021

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi.

10.06 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

10.06 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär.

10.06 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

10.06 2021

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

10.06 2021

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly maslahat geçirildi.

09.06 2021

Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY