Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 11.06.2021
2166

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär.

Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw etdi.

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow