Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy
Jemgyýet
Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy
Çap edildi 12.06.2021
4438

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan bu bäsleşik ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem-de onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine, ägirt uly döredijilik ukyby bolan alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, has zerur we wajyp ugurlarda alnyp barylýan ylmy işleriň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Täzeçil pikirleniş ukyby, giň dünýägaraýşy we hünär taýdan höwesi bolan ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym we bilim jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň baş maksadydyr. Bu gün möhüm ugurlarda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleri üpjün etmäge, ykdysady taýdan ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, täze açyşlary etmek, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, ýaş alymlar Diýarymyzyň nurana geljeginiň bähbidine işleýän kuwwatly paýhas mümkinçiligidir hem-de dünýädäki belent abraýydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň uly geljegi bolan ylmy barlaglara giňden çekilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär. Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bu bäsleşige öz işläp taýýarlamalaryny, döredijilik gözleglerini we ylmyň hem-de tehnologiýanyň möhüm ugurlary boýunça barlaglaryny görkezýän ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 53-si gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 57-sini kesgitlediler. Olaryň 32-si talyplar, 25-si bolsa ýaş alymlardyr. Hödürlenen taslamalarda we işlerde ylmy täzeçillik, onuň wajyplygy, iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýeti hem-de taslamalary önümçilige ornaşdyrmagyň geljegi esasy talap boldy.

Ylmy bäsleşikde tapawutlanan ýaşlar türkmen ylmynyň nurana geljegi hasaplanylýar. Olar bu ýerde guralan dabaranyň esasy gahrymanlary hökmünde ykrar edildi.

Ýaş alymlary sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, belli alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary hem-de aspirantlary gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda milli Liderimiz ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleriniň, täze ylmy oýlap tapyşlarynyň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedigini belleýär.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy. Ýaş alymlary sylaglamak dabarasy diňe bir olara berlen döwlet bahasy hem-de zehinleriniň ykrarnamasy däl-de, eýsem, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, ylmy barlaglar bilen meşgullanmak üçin ýaşlaryň işjeň çekilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýdyp, yhlasly zähmetleri bilen mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň we şöhratynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Uniwersitetiň eýwanynda guralan sergide türkmen ýaşlarynyň ylmy gazananlary, birnäçe gollanmalar we ylmy işleriň ýygyndylary, dürli taslamalar hem-de oýlap tapyşlar görkezildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň taýýarlan “Bagtyýar döwrüň ýaş alymlarynyň ylma tarap ädimleri” atly ýygyndysy arkaly bu gezekki bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri bilen tanyşmak bolýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaranyň ahyrynda baýramçylyk konserti boldy.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow