Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täzeçil tehnologiýalar — ösüşiň binýady
Jemgyýet
Täzeçil tehnologiýalar — ösüşiň binýady
Çap edildi 12.06.2021
4297

Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady.

Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Bu ýerde täzeçil tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Maslahata gatnaşyjylara ylmy-tehniki döredijiligiň, talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine, şu ýyl sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda: “Bu gezekki foruma dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlaryň gatnaşmagy biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan çuňňur gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär” diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar.

Maslahatyň dowamynda Ýewropanyň we Aziýanyň ylmy merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Olar wajyp ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin amaly barlaglary geçirmekde hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellediler we özleriniň ylmy işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Şeýle hem häzirki zaman jemgyýetinde ylmyň orny, daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek, durmuş ulgamyndaky ylmy özgertmeler we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň işi nano hem-de himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek we energetika hem-de tehniki ylymlar; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugurlary boýunça dowam etdi. Şeýle hem maglumat kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýasy, häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýasy, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Maslahatda edilen çykyşlar öňdebaryjy işläp taýýarlamalary dürli pudaklara ornaşdyrmagyň wajyp amaly we tejribe meselelerine bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen ylmy işgärleriň 2007-nji ýylda esaslandyrylan hünär baýramy ylmyň netijeli ösüşiniň we milli innowasion ulgamyň kemala gelmeginiň başyny başlady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda ylmy edaralaryň sany artdy. Häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar, ylmy-barlag merkezleri alymlara ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, şu ýylda türkmen alymlary birnäçe täze işläp taýýarlamalary hödürlediler. Şolaryň hatarynda buýan köküniň galyndylaryndan aktiwirlenen kömri almagyň usullary bar. Bu ylmy barlaglara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary awtorlyk etdi. Teklip edilen tehnologiýa aktiwirlenen kömrüň iri önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Munuň özi şeýle serişdeleriň daşary ýurtlardan satyn alynmagyny aradan aýrar.

Mineral, gidromineral we uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär. Nebit himiýasynyň möhüm bölegi bolan, düzüminde galogen saklaýan organik kislotanyň sintezi bilen baglanyşykly işler himiýaçy alymlaryň soňky ylmy işleriniň biri bolup durýar.

Ylmy işler diňe bir barlaghanalarda däl, eýsem, meýdan şertlerinde-de işjeň alnyp barylýar. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ýanynda hereket edýän Garrygul meýdan şertlerinde ylmy iş bilen meşgullanýan alymlara fotoelektrik gurnama hem-de kuwwatly elektrogenerator berildi.

Häzirki zaman enjamlary dürli görnüşli çöl ösümlikleriniň onlarça müň düýbüniň ösüşine hem-de howa şertlerine uýgunlaşyşyna gözegçilik etmäge we ösümliklere ideg etmäge mümkinçilik berýär. Ylmy işgärler geljekde täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly, öri meýdanlarynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmagy, has çuň ýerasty suwlary ýaramly görnüşe getirmegi meýilleşdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmy toparlarynyň wekilleriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hünärmenleri milli ylmy hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda yhlas edýärler. Ylmy barlaglar ulgamyndaky möhüm ugurlar akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy düzümleri bilen gatnaşyklary berkitmekde peýdalanylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ylymlar akademiýasynyň düýpli we amaly barlaglarynyň ösüşi üpjün edilmelidir, jemgyýetiň ylmy we inženerçilik-tehniki mümkinçilikleri artdyrylmalydyr, täze jemgyýete mahsus alymlar topary kemala getirilmelidir hem-de ylmy döredijilige has ukyply ýaşlar işjeň çekilmelidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň ýaş alymlary hem-de ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary ylmy olimpiadalara hem-de bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyplaryny açyp görkezýärler. Şeýle çäreleriň biri Ylymlar gününiň hormatyna guralýar. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça guralýan bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara goldaw bermäge we höweslendirmäge gönükdirilen ýaş hünärmenleriň özboluşly bäsleşigidir. Onuň ýeňijileri ýörite sylaglara we diplomlara mynasyp bolýarlar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi we tagallasy netijesinde, Türkmenistanda ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we Diýarymyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredildi hem-de bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, düýpli we amaly ylmy işleriň geçirilmegine, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly halkara ylmy maslahat hut şu ugurlara gönükdirilendir.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow