“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýram — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlarymyzda ata Watanymyza beýik buýsanjy artdyrýan bilimler baýramydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne hem-de ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.