Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Çap edildi 24.05.2022
1596

Mähriban uçurymlar!

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýram — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlarymyzda ata Watanymyza beýik buýsanjy artdyrýan bilimler baýramydyr. Şoňa görä-de, asylly däbimize eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýän «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň bilimlerini hem-de ylymlaryny, güýç-gaýratlaryny eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine bagyş etjek ýaşlarymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir. Täze taryhy döwürde pederlerimiziň arzuw eden Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak hem-de dünýäde şöhratlandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzy amala aşyrmakda geçjek durmuş ýollaryňyzda bagtyýar döwrümizden ruhlanyp, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, kämillige ymtylmak arkaly özüňizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, giň gerimli bilim özgertmelerimizi dowam edýäris. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Şäherlerimizi hem-de obalarymyzy bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglary, täze orta mekdepler, hünär bilimi edaralary bilen gurşap, bagtyýar geljegimizi gurýarys.

Biz parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, Uzak Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym we bilim merkezleri, halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Nesip bolsa, 2022-2023-nji okuw ýylyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ÝUNESKO kafedralary hereket edip başlar, orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler. Munuň özi halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly bilim mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde abraýynyň dünýä dolmagy ugrunda ähli tagallalary edýändigimizi görkezýär.

Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir. Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr.

Okuwçy we talyp ýaşlarymyzyň dersler boýunça olimpiadalarda we halkara bäsleşiklerde üstünlikleri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklarynda, bilimler ýurdy hökmünde eziz Watanymyzy şöhratlandyrmakda mugallymlaryň we ähli bilim işgärleriniň uly hyzmaty bardyr.

Mähriban uçurymlar!

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, ýoluňyz ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyz hasyl bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow