Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Çap edildi 24.05.2022
1137

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer diýip pikir edýärin.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän halkara sergide Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar. Bu köpugurly sergi ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berer, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplary döwrebaplaşdyryldy, täze iri ýaşaýyş toplumlary, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy. Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň hemişe arassa bolmagy ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň baş şäheri ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar.

Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde ylym, akyl we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir. Ulag we aragatnaşyk ulgamy, hyzmatlar, söwda, myhmanhana we medeni-dynç alyş ulgamlary ösendir. Şonuň ýaly-da, ilatyň saglygyny goramaga, medeniýeti, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýär. Milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalaryň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun almagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin, Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi buýsandyryjy wakalaryň biridir.

Hormatly adamlar!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dowamynda şäherde ençeme iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary gurup, ulanmaga bermegi we olaryň düýbüni tutmagy maksat edinýäris. Täze taryhy eýýamda paýtagtymyzda bina ediljek täze desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Şähergurluşykda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň hem-de milli binagärlik sungatynyň dürdäneleriniň ornaşdyrylmagy esasynda ýurdumyzyň merkezi geljekde has-da gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolar.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde uly wezipeler durýar. Men Aşgabadyň abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezi hökmündäki abraýyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow