Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Teswirlemeler
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 04.05.2026
1025

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dört aýynda Diýarymyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Her ýyl mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýaş nesilleriň interaktiw-multimedia usulynda bilim almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çar künjeginde mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary bina edilýär, olar kompýuterler, zerur bolan beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär. Okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimedia, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Ýaşlara türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwretmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, döredijilik, ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler bilim binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Ýaşlarda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga höwes döretmek ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Munuň özi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady öňdebaryjy dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary esasynda kämilleşdirilýär. Bu bolsa milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine uly itergi berýär.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow