Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 24.05.2022
2692

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutladylar hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksadynyň deňhukukly esasda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny belledi. Iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmak üçin edýän tagallalaryny goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy, “John Deere”, “Сase”, “General Eleсtriс”, “Boeing” ýaly kompaniýalar türkmen bazaryndaky strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýärler.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürligi alyp barmagyň oňyn guramaçylyk-hukuk guraly döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň geljegi uly bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň barha köp sanlysyny çekmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösdürilmegine maýa goýmagy hem-de amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar.

“Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işleri, uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň eýeleýän orny ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet hem-de hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, himiýa we azyk senagaty, ekologiýa ulgamlary bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamy hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi. Işewürler ýurdumyzyň bedenterbiýe we ýokary netijeler sportunda ýeten sepgitlerine, türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişlerine hem-de paýtagtymyzda we welaýatlarda bina edilen döwrebap sport toplumlaryna, şol sanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary guralan Olimpiýa şäherçesine ýokary baha berip, ABŞ-nyň bu ulgamda ýöriteleşen kompaniýalarynyň sportuň golf görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine goldaw bermegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň täze tekliplere we däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar soňky ýyllarda täze depgine hem-de many-mazmuna eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.11
Paýtagtymyzda “Türkmentel — 2024” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär
14.11
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
13.11
Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy
13.11
«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara
12.11
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
11.11
Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy
11.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara
top-arrow