Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Uçar kerosinini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär
Ykdysadyýet
Uçar kerosinini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär
Çap edildi 23.05.2022
1089

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyňwekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyňwe BAE-niň telekeçilerine tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň13 million 576 müňdollaryndan gowrak boldy.

Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri jemi bahasy 800 müň manada golaý nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 654 million 499 müňmanatdan gowrak bolan “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sebit maslahaty geçirildi
04.07
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady