Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1401-nji hijri-şemsi ýylynyň hordad aýynyň 24-25-ine gabat gelýän 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu ýyl biz şanly senäni — Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýäris.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.
Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.