Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.
Ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň binýady, möhüm şerti bolup durýar. Şol bir wagtda ol Türkmenistanyň ykdysady we ylym-bilim mümkinçilikleriniň kuwwatlanmagynda-da ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny belläpdi.
Döwlet derejesinde her ýylda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hut şu asylly maksatlaryň amala aşmagyny şertlendirýär we ol zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şunda alymlaryň täze neslini, olaryň ylmyň has möhüm ugurlaryndaky gözleglerini höweslendirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş alymlary sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biridir diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak bilen, ylymly ýaşlaryň döwletimiziň uly güýjüdigini, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidigini, türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidigini we baky dowamatydygyny nygtaýar. Hut şonuň üçin hem täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär başarnygy bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir.
Häzirki döwürde bu ugurlarda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, örän wajyp milli bähbitleriň üpjün edilmegine, ykdysady ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine gönükdirilendir. Biz dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň we ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş gidýän alymlarynyň ähmiýetli ylmy gazananlaryny özünde jemleýän döwrebap ylym binýadynyň döreýändiginiň şaýady bolýarys.
Ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar, şol sanda internetiň üsti bilen dünýäniň ylmy binýadyna elýeterli tehnologiýalar we elektron kitaphanalar döredilýär. Şeýle şertler türkmen ýaşlaryny ylym ulgamyndaky täze açyşlara ruhlandyrýar we olaryň ylmy-tehniki ösüşe itergi berýän ylmy işlere bolan höwesini artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi netijesinde bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 140-sy gatnaşdy. Şol sanda 730 talyp we 410 ýaş alym bäsleşikde özleriniň işläp taýýarlamalaryny, amaly işlerini, ylmy barlaglaryny görkezdiler. Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän alty ugur boýunça geçirildi.
Seljeriş topary hödürlenen işleriň ähmiýetine baha berip, has mynasyp ýaş alymlaryň sanawyny tassyklady. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň we ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, ylmy bäsleşikde ýaş alymlaryň 72-si has tapawutlanyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut etdiler we şu günki dabaranyň baş gahrymanlaryna öwrüldiler.
Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ýeňijilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňiji bolan ýaş alymlary sylaglamak dabarasy olaryň zehinine döwlet tarapyndan berlen ýokary baha we ykrarnama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine giňden çekilmegine ägirt uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bäsleşigiň ýeňijileri, ýaşlar hakynda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändigi üçin, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler we mähriban Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň aýdym-saz toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti boldy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.