Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 13.06.2022
1770

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Şu ýyl biz şanly senäni — Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýäris. Sizi bu möhüm waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň dowamynda dostlukda ýaşan halklarymyzyň erk-isleginden gelip çykýar. Geçen döwürde umumy taryhymyza, dost-doganlyga hem-de özara hormata esaslanýan gatnaşyklarymyz okgunly ösmek bilen, hil taýdan täze derejä çykdy we häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Munuň özi aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Özara saparlar, yzygiderli gatnaşyklar, dürli ulgamlarda gol çekilen resminamalar, amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmeginde möhüm orun eýeledi. Biziň syýasy gatnaşyklarymyzyň ýokary derejesi ykdysady, ulag-logistika, energetika, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk bilen utgaşýar. Biziň gatnaşyklarymyz halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ähli ugurlarda, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertler bar diýip hasap edýärin. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bilelikdäki tagallalar netijesinde däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny hem-de hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini gazanjakdygymyza ynanýaryn.

Sizi ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa hemişe abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size Finlýandiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň ýurduňyza we halkyňyza abadançylyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Sauli Niinistýo,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow