Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 13.06.2022
2242

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, kombaýnlaryň we ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde gowaçalaryň hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Welaýatda ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi. Şeýle-de häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de beýleki inženerçilik ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek, olary bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmuşynda gyzgalaňly möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda, bökdençsiz geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sebitiň ýeralma, gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigini belläp, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, olaryň bellenen möhletinde ulanmaga berilmelidigini aýtdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän işler, galla ýygyjy kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle-de welaýatda gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de hatarara bejergini ýokary hilli geçirmek, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalardaky işleriň ýagdaýy, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynda ulanylýan kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, galla kabul ediş bölümleriniň işiniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyna, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, gowaça ekilen ýerlerde alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara, daýhançylygyň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda gant şugundyrynyň ekişine guramaçylykly girişmek üçin zerur taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylmalydyr.

Şu günler ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen içerki bazary doly üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ekinlerden bol hasyl almak ugrunda ähli zerur çäreler görülmelidir. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, olaryň bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde tabşyrylmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, orakda ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz we sazlaşykly işini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gowaçalara ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde welaýatda şaly ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Hasabatyň çäklerinde welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şu ýyl sebitde gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, aýratyn-da, galla oragyny gysga möhletde we ýokary hilli tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekilen meýdanlarda şu gyzgalaňly döwürde alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, onda oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde şaly ekişini guramaçylykly geçirmäge möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, demirgazyk sebitde-de önüm bolçulygyny gazanmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, şunda içerki bazarlarda dürli görnüşli gök-bakja önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şeýle-de medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň gazanylmalydygy tabşyryldy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek, orakda işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijiligini artdyrmak, gowaçalara agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg etmek işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak hem-de bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär.

Häkim şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrmak babatda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işleri aýratyn gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, orakda işledilýän kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanylýan awtoulaglaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, olara iş üstünde tehniki hyzmaty ýola goýmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunda tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz gowaçalara edilýän ideg işleriniň, şol sanda hatarara bejerginiň, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde welaýatda şaly ekişi hem agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidir.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak, bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda ýerleriň hasyllylygyny artdyrmaga, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna laýyklykda çemeleşilmelidir. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmalydygyny, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, aýratyn-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek we bu möwsümde işledilýän tehnikalaryň ýokary öndürijiligini üpjün etmek ugrunda edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi. Häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçalara ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunda hatarara bejergä, gowaçalaryň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi, olaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Häkim welaýatda gant şugundyrynyň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şunda içerki bazarlarda önüm bolçulygynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Oba milli maksatnamasyna we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça hemmetaraplaýyn tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, möwsümde ulanylýan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk ýola goýulmalydyr, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek ugrunda edilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygynyň wajypdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmegi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri we ýazlyk ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de olaryň ýitgisini azaltmak maksady bilen, toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi, ýetişdirilen hasylyň talabalaýyk saklanmagy we gaýtadan işlenmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi wajyp talap bolup durýar diýdi. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek maksady bilen, alnyp barylýan ideg işleriniň depginleri güýçlendirilmelidir, olar agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, degişli welaýatlarda şaly ekişiniň talabalaýyk alnyp barylmagy, şugundyr ekişine görülýän taýýarlyk işleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmelidiginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmadan, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwlary bilen üpjünçiliginiň we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini belläp, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň ulanylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri ylmy esasda seljerip, degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow