Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.
Hormatly Wladimir Wladimirowiç!
Hormatly Mihail Wladimirowiç!
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertäni we ýurduň ähli halkyny Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
11-nji iýunda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň nobatdaky goýberilişi boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Olaryň durmuş ýoly ýaş türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň hem-de belent mertebäniň nusgasydyr. Gül desseleri “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky ýadygärliklere hem goýuldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy, desgalaryň çyzgylary hem-de bezeg taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde giň gerimli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini zerur bolan himiki serişdeler, katalizatorlar we keramiki şarlar bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.