Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly ýolbaşçylary, gullukçylary, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, guramalar üçin hünärmenleri talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli Aşgabatda geçirilýän bu ykdysady serginiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini has doly ulanmakda hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryň aktýorlary «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň gatnaşyjylaryna «Söýgi hem hasrat» spektaklyny hödürlediler.
Festiwalyň soňky gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry festiwala gatnaşyjylara dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna oýnuny görkezdi.