Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu çäre goňşy döwletiň ylmy, senagat kuwwatyny görkezmek, giň ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.
EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzüminiň paýtagtymyza gelmegi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Sergä gatnaşyjylaryň aglabasynyň şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşan iri senagat kompaniýalarynyň, degişli pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary, dolandyryjylary, hünärmenleri hem-de söwda wekilleridigini bellemek gerek. «Iran Prože» sergisi türkmen bazarynda ozaldan iş alyp barýan we ilkinji gezek ýakyndan tanyş bolýan wekiller üçinem öz önümlerini, taslamalaryny, hyzmatlaryny hödürlemek we geljegi uly türkmen bazary üçin isleg bildirilýän ugurlar bilen ýerinde tanyşmak üçin ýene bir amatly mümkinçilikdir.
Gurluşyk serişdelerini öndürýän kompaniýalaryň, azyk, lukmançylyk senagaty, ýol gurluşygy, oba hojalygy, nebitgaz we himiýa pudaklary, ulag-logistika, aragatnaşyk, gämigurluşyk ulgamlary hem-de söwda hyzmatlary üçin dürli enjamlar bilen üpjün edijileriň 100-e golaýy öz diwarlyklary bilen şu gezekki sergä işjeň gatnaşyp, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary çekmek arkaly milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolan Eýran häzirki günde strategik, hususan-da, sebit derejesinde giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy şolaryň uly ähmiýetlileriniň biridir. Ol Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” hökmünde Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly, şol bir wagtda, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine hyzmat edýän taslamadyr.
Işewürlik forumlary netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň işewür toparlarynyň özara gyzyklanmalarynyň artmagyna we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryny hem-de geljegi hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň hereketlendiriji guraly bolan hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir.
...Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda aýdym-sazlaryň ýaňlanmagynda, döredijilik toparlarynyň halk tanslaryny ýerine ýetirmeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtalýar. Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygymyz munuň aýdyň beýany hökmünde barha giň gerim alýar.
Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertleriň türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen sergä hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy. Şu günki geçiriljek gepleşikleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň iki goňşy ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňeldilmegine, geljekki özara bähbitli taslamalaryň başyny başlamaga giň mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir.
Soňra EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş çärä gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, iki halkyň dostlugyny hem-de netijeli özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, şu gezekki giň gerimli gözden geçirilişiň guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde hil taýdan täze derejelere ýetmäge, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döreder.
Sergini synlamaga gelýänlere üç günüň dowamynda dürli ugurlar boýunça diwarlyklar görkeziler. Eýranyň senagat ulgamynyň okgunly ösüşi görkezilýän köp sanly wideoýazgylarda, şeýle hem neşir önümlerinde — owadan bezelen bukletlerde, broşýuralarda, žurnallarda öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen bir hatarda, sergi diwarlyklarynyň ýanyndaky kompaniýalaryň wekilleri myhmanlara öndürýän önümleri, kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin gürrüň berýärler. Gurluşyk senagaty, nebitgaz we energetika pudagy, ýol-ulag ulgamynyň tehnikalarynyňdyr enjamlarynyň nusgalary, metal gurnawlar, alýuminden we plastik önümlerden profiller, bezeg, timarlaýyş serişdeleri, hasaplaýyş hem-de paýlaýyş ulgamlarynyň çylşyrymly enjamlary görkezilýän diwarlyklar serginiň agramly bölegini eýeledi. Hiliň we ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu önümleriň köpüsi ýokary öndürijiligi, ykdysady taýdan bähbitliligi we dürli görnüşlere baýdygy bilen tapawutlanyp, türkmen bazarynda hem işjeň peýdalanylýar.
Nebitgaz pudagyna ýöriteleşen kompaniýalaryň hatarynda «Gas Souzan», «Tapico», «Jam Petrochemical», «Iranol», «Jam Pilen Petrochemical», «Masjed Soleyman Petro» kärhanalary uglewodorod çig malyny gazyp almak, gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman düzümleriniň kiçeldilen şekillerini, kärhananyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga degişli işläp taýýarlan taslamalaryny, nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleriň nusgalaryny görkezdiler. Gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini öndürýän, senagat desgalarynyň hem-de düzümleriniň tehniki üpjünçiliginde iş alyp barýan kompaniýalaryň, kärhanalaryň diwarlyklarynyň töweregi köp adamly boldy. Şolaryň hatarynda «Bojnourd Cement», «Bojnord Plastic», «Sizmsaz», «Sanaz Tile», «Sakht Beton Mihan», «Iran Stone», «Saba Armeh», «Alwan Paints», «Iran International General Constractor», «New Town Development», «Hesam Sanat», «Construction and Development of Transportation Infrastructures», «Pars Garma», «Giti Pasand Industrial Group» we beýleki kompaniýalar bar.
EYR-nyň senagat pudagynda gazanylan üstünlikleri demir profillerini we metal gurnawlaryny öndürýän «Esfahan Steel Company», «Ghaem profile Razi», «Oxin Steel», «Mahan Steel» ýaly kompaniýalar hem görkezýärler. «Darya Bandar Nab Kish» kompaniýasynyň gämigurluşyk pudagyndaky işläp taýýarlamalary we taslamalary (nebit tankerleri, tirkegler) hem-de deňiz giňişligindäki buraw platformalary bu ugurda iş alyp barýan türkmen kärdeşlerinde uly gyzyklanma döretdi. «Saba Energy», «Khazar electric», «Pooshan Ghazwin», «Mah Kian» kompaniýalary energetika ulgamyndaky hyzmatlaryny we oba hojalygyndaky toplumlaýyn işläp taýýarlamalaryny, taslamalaryny hödürleýärler.
Ulag we ýol gurluşygy pudagynda aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri, iň täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän diwarlyklar sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Mysal üçin, “Azar Passillo” kompaniýasy demir ýollary gurmakda, «Ports and Maritime Organization» kompaniýasy logistika pudagynda, «Gilsa Smart City» kompaniýasy hem kommunikasiýa we aragatnaşyk pudagynda hyzmatlaryny hödürleýärler. «Amin Ava Plast» kompaniýasy polietilenden taýýarlanylan önümleriň köp sanly görnüşlerini, «Sizmsaz» dürli görnüşli kabelleri, «Salafchegan Powder» himiýa önümlerini, «Pashme Shisheh» kompaniýasy hem ýylylyk saklaýjy we ses geçirmeýän gurluşyk serişdelerini görkezdiler. «Razavi Hospital» kompaniýasy lukmançylyk ulgamynda hyzmatlaryny hödürleýär.
Söwda, inženerçilik-tehniki hyzmatlary hödürleýän kärhanalar hem gözden geçirilişiň çäklerinde gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda «Dasht Khazar», «Parham Trading», «Khorshid Mehrparvar Arya», «Moradian Trading», «Atras Trade», «Yazdani Trading», «Iran Yasa» we «Shirdel Trading» ýaly kompaniýalar bar.
EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi hem öz diwarlygyny gurapdyr. Bu merkez işewür toparlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin amatly şertleri döretmäge uly goşant goşýar.
Serginiň tanyşdyryş meýdançalary türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi, täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Serginiň çäklerinde hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi we işewürlik maslahaty geçirilýär. Olaryň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ösüşiň milli meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny hasaba almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini, onuň has bähbitli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi 19-njy noýabra çenli dowam eder.