Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 08.04.2026
773

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap şäherler, şäherçeler we obalar, senagat desgalary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şu gün bolsa biz Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşýarys. Men siziň ähliňizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary esasynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Raýatlary häzirki zaman, amatly we elýeterli ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek durmuş-ykdysady syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze obalaryň, şäherçeleriň gurluşygy yzygiderli dowam edýär. Täze, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň gurulmagy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Bu işleriň ählisi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy halkymyz üçin uly sowgat boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem raýatlarymyz üçin iň amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek, ýurdumyzyň sebitlerini abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Bu günki düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder. Şeýlelikde, ýene-de az wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer.

Hormatly adamlar!

Biz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýakyn günlerde bolsa möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga berler.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap, täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow