Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-saud ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysadyýet
Türkmen-saud ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 16.11.2023
2757

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy edilip bellenilendigini habar berdi. Bu toparyň işi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, türkmen tarapynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň döwletleri bilen bir hatarda, türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary öňe ilerletmegiň esasy gurallarynyň biri bolan Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, saud tarapy şu ýylyň dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda Halkara ykdysady forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, türkmen tarapyny hormatly myhman hökmünde bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy we şol forumyň yzysüre hökümetara toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmegi teklip etdi. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin ýakyn wagtda saud wekiliýetiniň Türkmenistana sapar bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Saud ösüş gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bilen baglanyşykly meselelere-de deglip geçildi.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow