Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 16.11.2023
1070

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge, Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi, şeýle hem halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy netijeli döwletara dialogy ösdürmäge oňaýly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Hytaýda iki gezek saparda boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Nygtalyşy ýaly, bu saparlaryň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanylyp, geljekki ösüş ugurlary kesgitlenildi we resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder.

Häzirki wagtda ýurtlarymyz sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky döwletara dialoga uly ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ençeme asyrlar mundan ozal onlarça döwleti söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly hil taýdan gaýtadan dikeldilip, däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan bu işe işjeň gatnaşyp, degişli ugurda anyk ädimleri ädýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde beýan eden başlangyjyna laýyklykda, şu günler Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy geçirilýär.

Myhman partiýalaryň we parlamentleriň arasynda hem gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyny, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlary dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan gurala öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Umumy pikire görä, golaýda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň hem-de Türkmenistanyň aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriniň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge täze itergi berer.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler, Türkmenistanyň we Hytaýyň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasynda ynanyşmaga, deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olar ozal ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli forumyna gatnaşmak üçin golaýda HHR-e amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy barada pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitlere laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny belläp, wekiliýetiň şu gezekki saparynyň Hytaýyň iri sebitleriniň biri bolan Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen has ýakyn gatnaşyklary hem-de oba hojalygy, söwda, energetika, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.07
Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
26.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.07
Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.07
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
25.07
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow