Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Çap edildi 09.04.2026
833

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Hanym Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hanym Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy. Türkmenistan Awstriýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetine üns çekilip, onuň yzygiderli geçirilýän mejlislerinde gazanylýan ylalaşyklaryň söwda, maliýe, maýa goýum ulgamlarynda täze gözýetimleri açmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda özboluşly döredijilik birleşmesi bolan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine aýratyn orun degişlidir. Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen döredilen bu orkestriň iki ýurduň zehinli sungat ussatlaryny bir ýere jemläp, Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly sungat köprüsini emele getirýändigini aýtdy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge goşýan goşandyny belläp, bu jemgyýet bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Neda Berger alyp barýan işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de hanym Neda Berger medeni hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
25.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy
25.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
25.05
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
24.05
M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.05
Mizemez dostlukdan nyşan
24.05
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
23.05
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
23.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
top-arrow