Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy geçen hepdäniň möhüm halkara wakasy boldy.
Geçen hepde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň yzygiderliligini şöhlelendirýän birnäçe wakalara beslendi.
Ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz parahatçylygy, daşky gurşawy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär hem-de sebit we ählumumy derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar.
Baýramçylyk dabaralaryna baý bolan geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny saklamaga, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylykda we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Bu ýyllarda ählumumy ykrara eýe bolan ägirt uly işler amala aşyrylyp, ähli ulgamlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli ösdürýär. Türkmenistan gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orun eýelemek bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar.
Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, halkara bileleşik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugur öz beýanyny tapdy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyklara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň okgunly ösüşini, özgertmeleriň täze belentliklerine bolan ymtylyşyny aýdyň şöhlelendirýän wakalara baý boldy.
Türkmen döwletiniň binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleridir.