Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda, mundan beýläk «Taraplar» diýlip atlandyrylýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy bolup geçdi.
Taraplar, üç döwletiň doganlyk halklarynyň taryhy we medeni umumylygyna esaslanyp,üç döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň olaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine we parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanyp, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga umumy eýerilýändigini belläp, esas goýujy halkara-hukuk ýörelgelerine we kadalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere we kadalara eýerýändiklerini tassyklap, aşakdakylar barada beýan edýärler:
1. Taraplar öz döwletleriniň halklarynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw gatnaşyklarynyň ruhunda strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uzakmöhletleýin ugruň mizemezdigini tassykladylar.
Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge hem-de sebitleýin we ählumumy derejelerde ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi barada bir pikir beýan edildi.
2. Taraplar ýokary we belent derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary, üç ýurduň daşary-syýasy işinde hyzmatdaşlygy saklamagyň we häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy bilelikde göreşmek babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.
3. Taraplar halkara guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde öz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etmegi ylalaşdylar.
4. Taraplar deňhukuklylyk, özara peýda we birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgeleriniň esasynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň ileri tutulýandygyny bellediler.
Taraplar öz döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler.
Taraplar üç ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara ulag baglanyşygyny berkitmek, bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça iş ýüzündäki hereketleri çaltlandyrmak ugrunda çykyş etdiler.
5. Taraplar önümçilik we senagat kooperasiýasyny ösdürmäge üns berdiler hem-de dokma, himiýa, gurluşyk pudaklarynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
6. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary höweslendirmäge gönükdirilen işe goldaw bildirdiler hem-de şunuň bilen baglylykda öz döwletleriniň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary, şol sanda üç döwletiň çäklerinde sergileri we işewürler forumlaryny geçirmek arkaly işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Taraplar üç ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak üçin saparlary alyşmak, bilelikdäki çäreleri geçirmek arkaly üç döwletiň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge ileri tutup üns bererler.
7. Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
8. Üç ýurduň ulag we logistika ulgamyndaky uly mümkinçiligini belläp, şeýle hem olaryň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmak maksady bilen, Taraplar «Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan» ugry boýunça we yzyna multimodal gatnawlary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan gol çekilen Ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýeti bellenip geçildi.
9. Taraplar ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ulag gatnawlaryny utgaşdyrmak, şeýle hem bu işleri guramagyň şertlerini ýönekeýleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Bilelikdäki iş toparyny döretmegi goldaýarlar.
10. Taraplar, şeýle hem ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny, işewürligi we syýahatçylygy ösdürmegiň ähmiýetlidigini bellediler, bu ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrmaga ýardam berer.
11. Taraplar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmak we oňa uýgunlaşmagy gazanmak, ekologiýa töwekgelçiliklerine garşy göreşmek, biologiýa taýdan dürlüligi gorap saklamak, daşky gurşawy goramak babatda umumy taslamalary we maksatnamalary ilerletmek, şeýle hem sebit we halkara derejelerinde üç ýurduň umumy bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.
12. Taraplar degişli döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini nygtap, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar olaryň döwletleriniň we halklarynyň arasynda dostlugy we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna pugta ynam bildirdiler.
Türkmenbaşy şäheri 2025-nji ýylyň 22-nji awgusty