Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi.
Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.
Halklaryň baý medeni mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk, amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamak, ony dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça tagallalary goldamak häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Hormatly Arkadagymyz ýokary derejeli duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, onuň netijeleriniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge, bilelikdäki möhüm taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen zerur ädim boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Hazar deňziniň ajaýyp kenaryndaky gepleşikleriň we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem özbek Lideri ýakynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilendigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşan döwletleriň taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyldy.
Belent mertebeli myhman Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynyň taryhy güne öwrülendigini aýratyn nygtady. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şöhratynyň dünýä dolmagyna goşant goşýar. Taryhy ähmiýeti bolan duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berer. Awazada geçirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda baý tejribe toplandygyny görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, özbek Lideri Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dürli ugurlar boýunça ägirt uly ösüşleri gazanýandygyny belledi. Munuň özi häzirki döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde, halkyň abadan durmuşynda öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, okgunly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa özara bähbitli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygynyň beýanydyr.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran we hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açan saparyny ýatlady. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetli waka öwrülendigini belledi. Forumyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi tutuş dünýä ýurtlary üçin möhüm çözgütler hökmünde kabul edildi.
Şu günki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň hatarynda Azerbaýjanyň Fizuli şäheri bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekiljekdigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli we ýygjam häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.
Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik ulgamda özara gatnaşyklaryň ýokary nusgasyny görkezip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny belledi. “Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýändigine ünsi çekip, hemmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
“Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin üç döwlet tarapyndan uly tagallalar edildi. Biz esasy ulgamlarda — syýasatda, energetikada, ulagda, söwdada, senagatda, maýa goýumlarda, täze tehnologiýalarda, sanlylaşdyrmakda, medeniýetde, ylymda we bilimde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm çäreleri görýäris. Bu bolsa öz oňyn netijesini berýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň täze ugurlaryndan peýdalanmakda goşandy örän uludyr. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini pugtalandyrmakda hem-de işjeňleşdirmekde, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzümini döretmekde sebitiň ýurtlary möhüm orny eýeleýär. Şunda söwda, senagat, ekologiýa, daşky gurşaw, oba hojalygy we beýleki ugurlar bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegi bilelikdäki tagallalara baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyz üçin örän ähmiýetli bolan meseleleriň birnäçesine garaljakdygyny aýtdy. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygynyň üstünlikli bolmagyny üpjün eder.
Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri doly üpjün etmekde milli energetika ulgamlarynyň ygtybarly goruny döretmek zerur bolup durýar. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn çemeleşme hem-de üç döwletiň gatnaşmagynda toplumlaýyn, hemişe hereket edýän energiýa serişdeler ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk möhümdir. Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
“Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgeleriniň biziň ýurtlarymyzyň çäginden, şeýle-de Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçip, yklymyň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu geçelgeleriň ulag ugurlaryny köptaraply esasda ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. “Munuň özi üç ýurduň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki ajaýyp mümkinçilikden peýdalanmagymyzy hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegimizi zerur hasaplaýaryn” diýip, Milli Liderimiz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin halkara derejede ylalaşykly we maksadalaýyk ulag diplomatiýasyny amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Uzak möhletleýin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunda “Daşoguz — Şabat” serhetýaka söwda zolagynyň şu ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigine ynam bildirildi. Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny ýola goýmak babatda 2026 — 2035-nji ýyllar döwri üçin üç ýurduň çäginde senagat taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryň maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüp, bu çemeleşmäniň tehnologiýalary netijeli alyşmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, dünýä bazarlarynda önümleriň milli görnüşleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Biziň halklarymyzy umumy medeni we ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar birleşdirýär. Hut şu taryhy umumylyk giň ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýdyp, şu günki duşuşygyň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna ynam bildirdi we Prezidentler Ilham Aliýewe hem-de Şawkat Mirziýoýewe ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapynyň özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini aýdyp, üç döwletiň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň çäklerinde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Resminamada üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi baradaky pikir beýan edilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu günki duşuşyk, hakykatdan-da möhüm waka bolup durýar. Çünki gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň derwaýys meselelerine seredildi. Ylaýta-da, has wajyp syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlara degişli soraglara üns çekildi.
“Häzirki wagtda Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýä giňişliginde-de abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde adyl hem-de açyk syýasaty alyp barýarlar. Esasy alyp barýan syýasatymyz birek-birege hormat goýmak, deňagramlylyk, deňhukuklylyk esasynda sebitde we dünýäde parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ykdysady ugra hem degip geçmek bilen, ýurtlarymyzyň kuwwatlyklary diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada-da geoykdysady bähbitlere itergi berer diýip hasap edýäris. Bu babatda birnäçe mysallary aýdyp geçmek bolar. Elektroenergetika barada aýdanymyzda, bu ugurda ozaldan gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bar. Şeýle hem gaz pudagynda üç ýurduň arasynda strategik özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdik we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygymyzy beýan etdik” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Ulag pudagy hem üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini we ugurlaryny, olaryň infrastrukturasyny has-da işjeň ulanmak hem-de giňeltmek üçin mümkinçilikler bar. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň hem-de Hazarüsti sebitiň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak zerurdyr.
“Ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda üç doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amatly şertleri döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Elbetde, bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, sungat, hususan-da, aýdym-saz, halyçylyk, atşynaslyk ýaly beýleki köp sanly ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Umuman, bu duşuşyk biziň üçin täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we häzirki wagtda ýurtlarymyzyň öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmekleri babatda ähli şertleriň bardygyna berk ynam bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol iki hepde mundan ozal hut şu ýerde, ajaýyp Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm forumynyň — Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň geçirilendigini belläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit üçin örän wajyp meseleleriň ählumumy häsiýetli pikir alyşmalaryň üns merkezinde bolandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň halkyny oňyn Bitaraplyk syýasatynyň bu uly üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlady.
“Günorta Kawkazda uzak möhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagy doganlyk Azerbaýjanyň ykdysady, ulag, energetika, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ol halkara hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan doly derejede peýdalanmaga ýardam edýär” diýip, özbek Lideri sözüni dowam etdi. Ol şu gün üçtaraplaýyn formatda geçirilen oňyn we netijeli gepleşiklere çuňňur kanagatlanma bildirýändigini nygtap, bu duşuşygyň halklarymyzyň bähbidine strategik esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew serhetýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigine we ulag-kommunikasiýa özara baglanyşygyna ünsi çekip, bu ýurtlaryň ulag-kommunikasiýa babatda özara baglanyşygy nazara alnanda, onuň taraplara bähbit getirýändigini nygtady. Üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, şol sanda Türkmenbaşynyň we Bakuwyň portlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, döwrebap logistika düzümini döretmek meseleleri-de häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hataryndadyr. Milli ulag ulgamlarynyň ýakynlaşmagyny çuňlaşdyrmak maksady bilen, sebitde hereket edýän we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny öz içine alýan meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Özbegistanyň Baştutany taraplaryň ulag-logistika düzümleriniň işini kämilleşdirmek, Hazar deňziniň üsti bilen gämi gatnawlaryny yzygiderli ýola goýmak işinde bilelikde tagalla etmek barada ylalaşandyklaryna ünsi çekdi. Mundan başga-da, üç ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns berildi.
Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem gepleşikleriň gün tertibinde möhüm orny eýeledi. Şunda milli kärhanalaryň öndürýän ýokary hilli önümleriniň eksport-import amallarynyň ähmiýeti barada aýdyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmak arkaly täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda şu günki taryhy duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, durnukly söwda, ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitde ýakynlaşmak işini çaltlandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew duşuşygyň jemlerini beýan etmek bilen, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
“Iri halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan giň gerimli işler doganlyk Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar” diýip, dostlukly ýurduň Prezidenti sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, ol Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem döwrebap oba-şäherleriň gurulýandygyny, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly binýadynyň döredilýändigini görkezýär.
“Türkmen we azerbaýjan halklary asyrlaryň dowamynda doganlarça ýaşapdyrlar, durmuşyň dürli tapgyrlarynda birek-birege goldaw bermek arkaly egin-egne berip, öz ýurtlarynyň abadançylygy ugrunda göreşipdirler. Şu ýylyň iýulynda meniň çakylygym boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolup, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, azerbaýjan halkynyň däp-dessurlary, medeniýeti we sungaty, meşhur azerbaýjan şahsyýetleriniň döredijiligi, durmuşy bilen içgin tanyşdy. Şol saparyň dowamynda biz köp meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni dowam etdi.
Prezident Ilham Aliýew şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan edip, türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň mundan beýläk-de jebisleşmegine gönükdirilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň taryhy ähmiýete eýedigini belledi. “Hemişelik esasda işleýän üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatyny döretmek barada degişli döwlet düzümlerine anyk görkezmeleri bermek, şeýlelikde, hyzmatdaşlyk boýunça teklipleri taýýarlamak maksadalaýyk hasaplandy. Şu gün üstaşyr ulag, logistika, elektroenergetika, gaz känlerini özleşdirmek, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, Prezident Ilham Aliýew bu meseleleriň oňyn çözülmeginiň sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany duşuşygyň dowamynda Arkadag we Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berip, munuň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowamat bolýandygynyň güwäsidigini nygtady. “Iki Garaşsyz döwletiň gadymyýetden gelýän doganlyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan ýörelgeleriň we asylly işleriň belent sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni jemledi.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň geçirilýän ýerine ugradylar.
Rahat dynç almak, saglygy berkitmek, iri halkara forumlary we ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin ähli şertler döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylaryň buýsanjydyr. Onuň ýakymly howa gurşawy, döredilen amatly şertler türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň dünýä derejeli şypahana merkezine öwrülmegini, diňe bir ýurdumyzyň däl-de, daşary döwletleriň ýaşaýjylarynyň hem onda dynç almaga, saglygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirmeklerini şertlendirdi. Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejeli şypahana hökmünde öz ornuny berkidýär.
Türkmen halkynyň Milli Liderini, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerini medeni çäräniň geçirilýän ýerine ýygnananlar, şol sanda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary mähirli garşyladylar.
Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewler bilen çykyş etmegiň oňyn tejribesini toplan oglan-gyzlar dabara gatnaşyjylaryň öňünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirdiler.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasyndaky II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen I halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa bu toparyň agzalary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolup, halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterdi. “Galkynyş” topary bu ugur boýunça milli sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda guralýan dabaralarda, şanly seneleriň hormatyna geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde-de çykyş edýärler.
Şu günki şanly wakanyň hormatyna geçirilen dabara gatnaşyjylar hem ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini, çapyksuwarlar bilen bedewleriň sazlaşykly hereketlerini uly buýsanç duýgulary bilen synladylar. Soňra belent mertebeli myhmanlara sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşandyklary, geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilendigi we ylalaşyklaryň gazanylmagyna goldaw berendikleri üçin, türkmen tarapynyň çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. 2022-nji ýylda doglan, Gündogar hem-de Gaýma atly bedewleriň nesli bolan akýal mele reňkli bu bedew ady rowaýata öwrülen Fakirpälwan atly bedewiň nesil ugruna degişlidir.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we türkmen halkynyň adyndan köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi. Milli Liderimiz doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary sowgatlary bilen gutlady. Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Tawus atly ajaýyp bedewiň güwänamasyny uly hormat bilen gowşurdy. Şeýle hem Milli Liderimiz “Ula hormat, kiçä sylag” diýen paýhasly jümlä eýerip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine arwana düýäniň resminamasyny gowşurdy. Doganlyk döwletleriň Liderleri gowşurylan bu sowgatlary öz ýurtlaryna we halklaryna bildirilen çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Şeýle hem bu ýerde türkmen toý-baýramlaryna mahsus dabaralar guraldy. Ak öýleriň öňünde milli tagamlar taýýarlanyldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Şol gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden öz ýurtlaryna ugradylar.