Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen 30-njy maýda Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy hem-de 1-nji iýunda Mongoliýa döwlet sapary bilen barmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Astanada geçirilen sammitiň işine Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi. Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy ugruna hem aýratyn üns çekildi.
Sammite gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, maýa goýumlary çekmegiň, telekeçiligi goldamagyň, energetika, suw serişdeleri, durnukly oba hojalygy, saglygy goraýyş we ulag arabaglanyşygy ýaly ulgamlarda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler.
«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy.
Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen duşuşykda taraplar dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen geçiren duşuşygynyň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Döwlet Baştutanymyz energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.
Premýer-ministr Jorja Meloni hormatly Prezidentimiziň hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmek baradaky teklibini goldady.
Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy özi üçin islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.
26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçiren iş maslahatyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalyk önümçiligini durnukly ösdürmäge we netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi.
Bugdaý oragy möwsümine gowy taýýarlyk görülmegine, gowaça ideg etmek we zyýan berijileriň öňüni almak boýunça işleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda döwlete pile tabşyrmagyň depginini güýçlendirmek, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şaly ekişiniň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini gazanmak, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işlerini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatlarda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmek, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.
29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň dowamynda milli parlament tarapyndan alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi, abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny guramak boýunça taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasy hem-de nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.
Ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabaty diňläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda bugdaý oragyna başlamaga ak pata berdi.
Şeýle-de şu ýylyň iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Täze merkeziň gurulmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açmaga, zehinli çagalary ýüze çykarmaga ýardam berer.
2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahat guralar.
12-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlaryň ikisini, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem mejlisde Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.
Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramak we amala aşyrmak hakynda Karara gol çekdi hem-de Sarahs şäherinde täze, döwrebap bazary gurmak, şeýle-de «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri makullady.
Mundan başga-da, geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunynda belleniler. 2025-nji ýylyň 8-nji iýunyndaky dynç güni bolsa 9-njy iýuna — duşenbe gününe geçirildi.
31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Ýurtlarymyzyň birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy aýratyn nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi hem-de Saýed Ýusuf Raza Gilanini we Pakistanyň Senatynyň agzalaryny şu mynasybetli geçiriljek çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwletara hyzmatdaşlykda parlamentara dialogyň möhüm orny bellenildi. Kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde ikitaraplaýyn esasda hereket edýän Parlamentara dostluk toparlarynyň netijeli iş alyp barýandygy nygtaldy.
1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.
Ulan-Batorda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy giriziler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň, “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdyljak şekilleriň, şaýoluň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň gurluşygynda ulanylýan serişdelere, milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologiýa derejesine ünsi çekdi.
Geçirilen iş maslahatynyň dowamynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine amala aşyran saparynyň jemleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilip, gurluşyk ulgamynda özara tejribe alyşmak boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy.
Şeýle hem iş maslahatynda täze şäheriň ýokary amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Gurban baýramy we Ylymlar güni ýaly şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäherinde geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
1-nji iýunda, asylly däbe görä, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şol gün paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Umumy meýdany 4 gektar bolan täze merkez esasy bina bilen bir hatarda, kitaphanany, sport, medeni çäreler we oýun üçin meýdançalary, tehniki binalary hem-de desgalary öz içine alar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagy gurnalar. Ol döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düzümine giriziler.
Döwletliler köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna sowgatlar gowşuryldy.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly geçirildi. Dabara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler gatnaşdylar. Festiwal döredijiligiň, ýaşlygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüldi. Sahnada naýbaşy nusgawy sazlar, şeýle hem Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň aýdym-saz medeniýetiniň baýlygyny hem-de köpugurlylygyny şöhlelendirýän döwrebap aýdymlar ýerine ýetirildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaş nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.