Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döredijilikli ýoly üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerinde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Onda iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň toplumlaýyn çemeleşmäni, täzeçil çözgütleri talap edýändigini belledi we möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý oragy möwsümini we gowaça ideg işlerini guramaçylykly geçirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, sebitlerde pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleriniň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmek, 25-nji maýda orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, bu ulgamda halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty türkmen topragynda sportuň ösüşine uly itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant boldy. Döwlet Baştutanymyz myhmanyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge ýardam etjekdigini nygtady.
23-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Onda umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder.
Mundan başga-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan gözleg-barlag işleri, milli raýat awiasiýasy pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada degişli teklipler hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda 11 — 13-nji iýun aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Onuň çäklerinde ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullaryna, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçiriler.
Şu ýylyň 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny, 6-njy iýunda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli çäreleri, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi mynasybetli dabaralary geljek aýda geçiriljek esasy çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. 27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçiriler. 29-njy iýunda bolsa Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, şu ýylyň 19-20-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tähran şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri girizildi. Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, goňşy döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem elektroenergetika pudagynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly çärelere seredildi.
Mejlisiň barşynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk, uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere-de üns berildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly pikir alyşmalara hem möhüm orun berildi.
Söwda we işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meselelerine hem seredildi. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek barada giňişleýin maslahatlaşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, beýleki çäreleriň geçirilmegi, bu ugurda “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagy hem-de Türkmen-eýran işewürlik geňeşiniň döredilmegi, netijeli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder.
Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine suw hojalygy ulgamynda, hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler girizildi. Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesine hem üns berildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň goňşy ýurda iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi. EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Goňşy döwletiň Baştutany eýran tarapynyň meýilleşdirilen çäreleri, taslamalary, bu ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, energetika ministri Abbas Aliabadi, nebit ministri Mohsen Paknežad, daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşyklar geçirildi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, iri önümçilik toplumlaryny gurmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak hakynda” hem-de “Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlaryny hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararlar bar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäher gurluşygy babatda tejribe alyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine gulluk iş sapary baradaky Buýruga gol çekdi.
19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirildi. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.
Köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigine üns berildi.
Paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal geçirildi. Oňa Russiýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçy-sazandalar gatnaşdylar. Medeni çäräniň maksatnamasy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gala konsertinden, dünýäniň dürli opera mekdepleriniň aýdymçylyk däpleriniň seýrek görnüşlerinden, döredijilik duşuşyklaryndan, sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklaryndan ybarat boldy. Artistleriň çykyşlarynda halkara festiwalyň medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga, dostluga we ylalaşyga gönükdirilen esasy ideýasy öz beýanyny tapdy.
25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Asylly däbe görä, mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýewiň Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň gününe bagyşlanyp “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Sergä ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalary, edara-kärhanalar, telekeçilerdir işewürler gatnaşdylar. Bu ýerde binagärlik, gurluşyk, senagat, ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ýaly ulgamlary öz içine alýan ajaýyp diwarlyklar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem sergide paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbini kemala getirýän “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar tanyşdyryldy.
Däp bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Bu baýram mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy boldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň dabaralanmagyna we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.