Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi.
Bu şanly waka mynasybetli üç döwletiň baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, mähirli garşylanyldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, howa menzilinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Dostlukly ýurduň Lideriniň ulag kerweni Awazanyň döwrebap ýollary bilen ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Kongresler merkezine tarap ýola düşdi.
Häzirki döwürde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde türkmen-özbek döwletara hyzmatdaşlygy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Özbegistan Respublikasy şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda daşary söwda dolanyşygy boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň hatarynda bäşinji orny eýeleýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu möhüm görkezijisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda eksport-import amallarynyň ösüş depgini durnukly derejede saklanýar. Aýratyn-da, daşdan, gipsden we sementden taýýarlanylýan, metal, keramika, aýna we aýna önümleri Türkmenistanyň Özbegistana eksportynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu ugruň ösüş depginleri bolsa yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi iki doganlyk ýurduň senagat kärhanalarynyň, işewür düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändiginiň beýanydyr.
...Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Kongresler merkeziniň ýanynda saklandy. Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän kaşaň binada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady. Asylly däbe görä, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirip, belent mertebeli myhmana hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu duşuşygyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we döwletara gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirip, Milli Liderimiz ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň tutuş sebit üçin ähmiýetlidigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklary söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şunda iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini durnukly ýagdaýda saklanýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini belläp, ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň Özbegistan tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdi. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygynyň güwäsidir. Ýurtlarymyz dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Lideriniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Häzirki döwürde iki goňşy ýurduň arasynda ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklar ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykýar. Munuň özi Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň we Özbegistanyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini tassyklaýar. Hormatly Arkadagymyz dürli ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, olaryň netijeli peýdalanylmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilýän ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga we onuň çäklerindäki gepleşiklere gatnaşmaga çakylyk hem-de döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly döwletiň Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew şu gezekki ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan duşuşygynyň şu ýylyň taryhy ähmiýetli, möhüm wakalarynyň birine öwrüljekdigini aýdyp, duşuşygyň jemleriniň diňe bir oňa gatnaşýan döwletler üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem bähbitli boljakdygyna ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny golaýda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda ýokary derejede guralan wekilçilikli forum dünýäde giň seslenmä eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň, şol sanda Awazanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirdi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
Özbek Lideri sözüniň ahyrynda türkmen topragynda myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanandygy üçin ýene-de bir ýola hoşallyk bildirip, duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çakylygy kabul edendigi we ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşyklaryň örän möhümdigini belledi. Olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin bilelikde tagalla edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna we onuň çäklerinde guralan ähli çärelere Özbegistanyň wekiliýetiniň ýokary derejede gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk şu ýylyň dowamynda Özbegistanyň döwlet Baştutany bilen geçirilen üçünji duşuşyk bolup durýar. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary we nusgalyk derejede, netijeli hem-de işjeň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek, goldaw bermek, doly derejede ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda güýçli depginler bilen ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de ilerletmek we giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. “Şunuň bilen baglylykda, biz şu günki gepleşiklerimiziň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarys hem-de onuň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitläris” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar durnukly ýagdaýda, giň gerim bilen ösdürilýär. Haryt dolanyşygynyň möçberi we görnüşleri ýylsaýyn artýar. Energetika, ulag-logistika, söwda, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky özara hereketler işjeňligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar amala aşyrylýar. Türkmen we özbek halklarynyň umumy taryhy-medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin berk binýat bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz iki ýurduň medeniýet we durmuş ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Özbegistanda geçirilýän milli hem-de halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandyklaryny, özara tejribe alyşýandyklaryny belledi. Bu bolsa, öz gezeginde, iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýene-de bir ýola özbek Liderini güneşli ýurdumyzda görýändigine şatdygyny belläp, belent mertebeli myhmana söz berdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi we meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine öz adyndan hem-de wekiliýetiň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň halkara ähmiýetli çäreleri geçirmekde baý tejribe toplandygyna ünsi çekip, ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen forumyň möhümdigini belledi. Onda dünýä ähmiýetli meseleleriň ençemesi boýunça oňyn çözgütler kabul edildi. Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek gutlady.
Özbek Lideri häzirki döwürde Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, energetika, oba hojalygy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu günki duşuşyk sebitiň ýurtlary üçin bähbitli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer, şeýle hem ol üç doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna giň ýol açar. Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, özbek Lideriniň döwletara dialogy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi. Munuň özi ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň ösüş depgininiň durnukly ýagdaýynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady we Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň iki döwletiň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda iki ýurduň Medeniýet günleriniň, bilelikdäki konsertleriň, maslahatlaryň, sergileriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi doganlyk halklaryň medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, olary wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, halkara giňişlikde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak meselelerine, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýär.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de güýçli depginde ösdüriljekdigine ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz şu gezekki sapary üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Gepleşikleriň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.