Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadançylygyň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadançylygyň bähbidine
Çap edildi 20.07.2025
113

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlara gönükdirilendigini aýdyň subut etdi.

18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleriň, şol sanda şu ýylyň awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, parlament forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny taýýarlamak babatda degişli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplary boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga ýurdumyzyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Onuň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge niýetlenendir. Döwlet Baştutanymyz täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly badalga berdi.

Ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegini dowam etdirmek tabşyryldy. Mundan başga-da, Hökümet mejlisinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler, konserniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz mineral dökünleri öndürýän zawodlary netijeli işletmegiň, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajyp ähmiýetini belledi we ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda hasabat berildi. Maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny aýtdy we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada-da habar berildi. Şolaryň hatarynda maslahatlar, brifingler, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler bar. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berlendigini bellemek gerek. Nygtalyşy ýaly, howpsuzlyk meseleleri Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek, 2026-njy ýylda ýurdumyzda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek, Halkara monitoring ulgamynyň ýurdumyzda ýerleşýän seýsmologiýa stansiýasynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara düzümler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ýene biri boldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, bellenilen talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we olaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullady.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana, şeýle hem «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

16-17-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy.

Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Köpugurly gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işine uly orun degişlidir. Ulag ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar.

Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz öz adyndan, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Lideri çakylygy we hoşniýetli sözler üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşyklary boldy.

Gahryman Arkadagymyz “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Milli Liderimize şekil taslamalarynyň üsti bilen dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy hem-de “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumynda Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Saparyň birinji gününiň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

17-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Gezelenjiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy. Bu howa menzilleri ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşýan döwrebap desgalardyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem Şuşa şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Geýdar Aliýew baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar, 1752-nji ýylda gurlan, häzirki wagtda döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasyna, Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý muzeýine, ýurduň binagärlik we medeni ýadygärlikleriniň biri bolan Göwher Aga metjidine, Mehmandarowlaryň öý muzeýine baryp gördüler. Mehmandarowlaryň öý muzeýi köşk görnüşli ýaşaýyş toplumy bolup, Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň täsin nusgalarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biridir. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi.

Hormatly Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi.

Şu günler paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmak möwsüminiň dowam edýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere dürli ugurlar boýunça bilim almagy hödürleýär. Şunda bu ugurlaryň üsti yzygiderli ýetirilýär, täze-täze hünär ugurlary açylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli işgärlere bolan isleglerini hasaba almak bilen, orta hünär okuw mekdeplerinde hem hünär ugurlarynyň sany artdyrylýar.

Türkmenistanda hemmetaraplaýyn bilimli, kämil ahlakly, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, işjeň hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda okgunly ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny okgunly ösdürmäge, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
21.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 69 million 190 müň dollaryndan gowrak boldy
20.07
Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadançylygyň bähbidine
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.07
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
18.07
Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025–2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
17.07
Ýaşlar — ösüşiň hereketlendiriji güýji
17.07
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
16.07
Durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip
16.07
Türkmenistan — BMG: azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda bilelikdäki hereketler
16.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy
top-arrow